Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

опубликованно 16.11.2016 // 963 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumen Radýewe Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Baştutany öz hatynda jenap Rumen Radýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly Bolgariýa Respublikasynyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna bu iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter