Türkmenistan daşary ýurt metbugatynyň üns merkezinde | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan daşary ýurt metbugatynyň üns merkezinde

опубликованно 21.11.2016 // 1035 - просмотров
 

Koreýa Respublikasynyň esasy neşirleriniň biri bolan «The Korea Post» žurnalynyň nobatdaky sany we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sany çapdan çykdy. Žurnalda çap edilen makalalar giň okyjylar köpçüligini ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünlikleri, şeýle hem türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrýar.

Žurnalyň ýörite goýberilişiniň ilkinji sahypalarynda «BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda Türkmenistanyň uly ähmiýetli garaýyşlary» atly makala ýerleşdirilipdir. Onda milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, onuň abadançylygyň, howpsuzlygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine başlangyçlary we anyk işleri netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýynyň gün-günden artýandygy hem-de pugtalanýandygy bellenýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ählumumy we sebit meseleleri boýunça oňyn teklipleri durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, ulag we energetika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, ählumumy ekologiýa meseleleriniň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge hem-de tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmäge gönükdirilendir.

Syn makalasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk döwründe geçen taryhy ýoly barada gürrüň berilýär. Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup durýan biziň ýurdumyz hemişelik bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk, harby bileleşiklere goşulyşmazlyk, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ýörelgelerine esaslanýan öz daşary syýasat ugruny işläp düzdi.

Makalada bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny milli özboluşlylyk esasynda döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip düzülen, Türkmenistan tarapyndan saýlanyp alynan ösüş ýoly ýurdumyzy bäsdeşlige ukyply, berk binýatly, kuwwatly ykdysady we ynsanperwer mümkinçilikleri bolan döwletleriň hataryna çykardy, ähli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlige beslenmegini şertlendirdi.

Deň hukukly we uzakmöhletleýin esasda guralýan türkmen-koreý diplomatik gatnaşyklarynyň taryhyna aýratyn makala bagyşlanypdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna eden döwlet sapary, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Pak Kyn He tarapyndan 2014-nji ýylyň iýunynda Türkmenistana edilen döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sene ýazuwlarynyň wajyp pursatlary boldy.

Makalada türkmen Lideriniň Koreýa Respublikasyna geçen ýylky saparyna uly üns berilýär. Bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Tegu şäherinde VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapan BMG-nyň Suw Strategiýasyny işläp düzmek boýunça garaýyşlary we oňyn başlangyçlary öňe sürdi.

Makalada söwda-ykdysady ulgamda netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygy barada hem gürrüň berilýär. Mysal üçin, indi ençeme ýyl bäri Koreýa Respublikasynyň belli kompaniýalary bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda «LG», «Hyundai», «Samsung», «Posco-Daewoo», «Kia Motors» kompaniýalaryny we beýlekileri görkezmek bolar.

Şeýle hem žurnalda ýurdumyza, ak mermere beslenen paýtagtymyza, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryna, sebitleriň ösüş maksatnamasyna, «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyna, şeýle hem Türkmenistanyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyna bagyşlanan gysgaça maglumatlar berilýär.

Türkmenistan- Owganystan Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň iri taslamasyna aýratyn üns berilýär. 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda badalga berlen bu ägirt uly yklymara energetika geçirijisiniň çekilmegi sebit derejesinde, şeýle hem Türkmenistanyň energetika strategiýasyny mundan beýläk hem iş ýüzünde durmuşa geçirmeginde ähmiýetli waka boldy. TOPH energiýa serişdelerini iberiji döwlet hökmünde biziň ýurdumyz üçin uly ykdysady ähmiýete eýe bolman, üstaşyr geçiriji hem-de sarp ediji döwletler üçin hem şeýle ähmiýete eýedir.

Şeýle hem ýörite goýberilişiň sahypalarynda, gysga hem çuň mazmunly «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar bilen aňladylan, Türkmenistanyň syýasatynyň durmuşy tarapy barada makala ýerleşdirilipdir. Durmuş-ykdysady ösüşiň üstünlikli durmuşa geçirilýän milli maksatnamasy ykdysadyýeti pugtalandyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrmagy, girdejiler düzüminde tygşytlamagyň we sarp etmegiň özara gatnaşyklarynyň iň gowy görkezijilerini gazanmagy göz öňünde tutýar.

Makalada bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda önümçilik we durmuş ulgamyna ägirt uly maýa goýumlary goýulýar, ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak babatynda yzyiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Bu ugurda ýokary makroykdysady görkeziji zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň, döwletiň nyrh syýasatynyň, hususy başlangyçlary goldamagyň, şeýle hem goşmaça durmuş ýeňillikler toplumynyň hasabyna gazanylýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün edýän, onuň gülläp ösüşiniň binýadyny pugtalandyrýan hem-de türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýän ykdysady strategiýasynyň netijeliligine baha bermäge mümkinçilik berýän takyk sanlar getirilýär.

Çap edilen makalalaryň arasynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösüşi barada makalany bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Orta Aziýada halkara ulag we aragatnaşyk ýollarynyň kesişýän ýerinde iňňän amatly geografiki ýagdaýda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr kuwwada eýe bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bu mümkinçiligi ähli dolulygy bilen peýdalanmaga çalyşýar. Makalada Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan, bu pudakda Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny emele getirmäge gönükdirilen möhüm işler barada jikme-jik gürrüň berilýär.

«The Korea Post» atly koreý žurnalynyň ýörite goýberilişleriniň çapdan çykmagy, dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana, dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüji syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa barha uly gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter