Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

опубликованно 25.11.2016 // 973 - просмотров
 

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif bilen duşuşdy.

Belent mertebeli myhman döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Pakistanda Türkmenistanyň ýöredýän hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini, onuň esasyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň düzýändigini hem-de dostlukly döwletiň geljekde hem soňky ýyllarda täze ösüşe hem-de many-mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermegi ugur edinýändigini belledi.

Pakistanyň Premýer-ministri pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öňde boljak uly ähmiýetli wakalar – BMG-niň howandarlygynda geçirilýän ulag ulgamy boýunça ýokary derejeli halkara maslahaty, şeýle hem Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň ulanylmaga berilmegi bilen gutlady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň sebitleýin goşulyşmagyň hem-de durnukly ösüşiň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we Merkezi Aziýada howpsuzlygyň berkidilmegine gönükdirilen oňyn halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmana öňde boljak ählumumy foruma hut özüniň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler, hususan-da, Pakistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady, bu ýurt bilen bizi diňe bir geografiýa taýdan ýakynlyk däl-de, eýsem, çuňňur taryhy kökler, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň umumylygy birleşdirýär.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzda parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şulardan ugur alyp, Türkmenistan bilen Pakistan halkara guramalarynyň, ozaly bilen bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara ylalaşykly hereket edýärler. Söhbetdeşler şunda Owganystanda parahatçylygyň dikeldilmegine ýardam etmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmeginiň möhümdigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara gatnaşyklarynyň özara ynam häsiýetli bolmagynyň Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň arasynda diňe bir dürli derejelerde gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işjeň gözlemäge mümkinçilik berýändigini aýtdylar. Deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ruhunda alnyp barylýan döwletara gatnaşyklaryna hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň mart aýynda Pakistan Yslam Respublikasyna bolan resmi sapary täze itergi berdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ozaly bilen bolsa, ýangyç-energetika toplumynda we ulag -üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Umumy pikire görä, bu gaz geçirijiniň çekilmegi diňe bir taslama gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady ösüşine oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň kuwwatly binýady bolup çykyş edýändigi aýratyn möhümdir. Şunuň bilen birlikde, täze halkara ulag –aragatnaşyk geçelgelerini döretmek boýunça taslamalar uly mümkinçilikleri açýar.

Iki dostlukly goňşy halklaryň ýakynlaşmagynyň möhüm şerti bolan ynsanperwer ulgamy hem döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi, biziň halklarymyz hiç wagt ähmiýeti peselmejek ägirt uly baýlyk bolan ajaýyp milli däp-dessurlarymyzy aýawly gorap saklaýarlar hem-de nesilden-nesle geçirýärler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Mohammad Nawaz Şarif däp bolan dostlukly türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň geljekde hem hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirip, Pakistanyň hem-de Türkmenistanyň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Duşuşyga Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Malik gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter