Aşgabatda dünýä, syýasy we ykdysady jemgyýetçiliginiň wekilleri ýygnandylar | TDH
Syýasat habarlary

Aşgabatda dünýä, syýasy we ykdysady jemgyýetçiliginiň wekilleri ýygnandylar

опубликованно 26.11.2016 // 922 - просмотров
 

Ir bilen türkmen paýtagtynda işine başlaýan Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatyň açylmagynyň öňüsyrasynda foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular.

Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän maslahatyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumy girýär.

Ählumumy foruma Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munyň gatnaşmagy onuň derejesini has-da ýokarlandyrýar. Maslahata gatnaşmaga gelen wekiliýetleriň baştutanlarynyň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gruziýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, Awstriýa Pespublikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy bar.

Aşgabatda geçirilýän maslahata gatnaşmak üçin köp ýurtlaryň hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, iri halkara guramalarynyň we düzümleriň, BMG-niň, onuň komissiýalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şeýle hem ÝHHG-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň, GDA-nyň, Ýewropa komissiýasynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri geldiler. Wekilleriň hatarynda ulag ulgamynyň ähli ugurlaryna degişli iri halkara guramalarynyň – awtomobil, howa, demir ýol, deňiz ulaglarynyň, şeýle hem iri halkara maýa goýum, bank düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bar.

Türkmenistanda şeýle uly ähmiýetli forumyň geçirilmegi ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň hem-de türkmen Lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden öňe süren hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen oňyn başlangçlarynyň Ykrarnamasynyň nobatdaky subutnamasydyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter