Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

опубликованно 26.11.2016 // 961 - просмотров
 

Aşgabat, 26-njy noýabr /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soň, bu iri halkara forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Raşid Alimowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyzy Aşgabatda şeýle wekilçilikli maslahatyň işläp başlamagy bilen gutlady. Parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny işjeň, yzygiderli durmuşa geçirip, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini nobatdaky gezek görkezýär diýip, ŞHG-niň Baş sekretary aýtdy. Muňa halkara maslahatynyň açylyşynda türkmen Lideriniň manyly çykyşy şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň howandarlygynda geçirilýän we ählumumy ulag meselelerine bagyşlanan maslahata gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyk etmek ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Şunda iri halkara guramalarynyň, şeýle guramalaryň hataryna degişli bolan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça özara hereket etmegiň täze çemeleşmelerini we görnüşlerini tapmaga we durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berilýär.

Raşid Alimowyň belleýşi ýaly, häzirki maslahatda garalýan meseleleriň ähmiýeti onuň çäklerinden çykýar, çünki olaryň çözülişine ykdysady we medeni-ynsanperwer taýdan hyzmatdaşlyk edilmeginde adamlaryň ýakynlaşmagyna hem-de dünýäde dartgynlylygyň aradan aýrylmagyna ýardam etjek şertleriň döredilmegi baglydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan ulag meselesi hem-de şu ulgam bolmasa ösüş bolmajak uly möçberli maliýe serişdelerini talap edýän bu örän çylşyrymly pudaga degişli meseleler boýunça birnäçe iri halkara maslahatlaryň başyny başlady. ŞHG üçin bu hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir, çünki BMG-niň agzalary tarapyndan 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda kabul edilen Gün tertibi ŞHG-2025 ösüş strategiýasy bilen kybap gelýär, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar bolsa guramanyň içinde biziň çözýän meselelerimize hem-de maksatlarymyza laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary ŞHG-niň iri çärelerine we maslahatlaryna gatnaşýandygy, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de sebitleýin ösüşi saklamakdaky şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşler ŞHG-niň mümkinçiliginiň sebitdäki howpsuzlygyň berk sazlaşygyny gorap saklamak, dawalara ýol bermezlik, olary çözmegiň kabul ederlikli ýeke-täk serişdesi hökmünde gepleşikler guralyny ýola goýmak üçin peýdalanylyp bilinjekdigi we peýdalanylmalydygy barada bir pikirdediklerini beýan etdiler.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, ŞHG bilen özara hereket etmek sebit we sebitara ýagdaýlaryň durnukly we sazlaşykly ýagdaýyny üpjün etmäge, howpsuzlygy, işjeň ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny saklamaga, iri halkara düzümleýin taslamalary amala aşyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilen ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň möhüm ugry bolup çykyş edýär.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamasy ýurdumyzyň sebitde hyzmatdaşlyk etmeginiň üstünlikli mysaly hökmünde agzaldy. Bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi, gürrüňsiz suratda, gatnaşyjy ýurtlaryň we umuman, Merkezi Aziýanyň ykdysady taýdan ösmegine täze itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ŞHG-niň Baş sekretary özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň çäklerinde geçirilýän häzirki duşuşygyň ŞHG-niň ýurtlary bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek ugrunda ýene-de bir möhüm ädime, dünýäde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny berkitmek işine uly goşanda öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter