Türkmenistanyň Prezidenti Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi

опубликованно 26.11.2016 // 976 - просмотров
 

Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň iberen mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny aýtdy hem-de dostlukly ýurduň hökümetiniň bütin dünýäde belent abraýdan peýdalanýan Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklara tüýs ýürekden sarpa goýýandygyny nygtap, netijeli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Belarusuň ýolbaşçylaryna hem-de tutuş halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz dostlugyň mäkäm esaslaryna hem-de deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň yzygiderli depginini kanagatlanma bilen nygtap, ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýändigini belledi.

Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň üstünlikli işi bilen gutlady. Myhman forumyň türkmen paýtagtynda geçirilmeginiň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini aýdyp, ulag aragatnaşyklarynyň halkara ulgamyny döretmegiň meseleleri boýunça ýurdumyzyň tutýan öňdebaryjy ornuna ýokary baha berdi. M.Mýasnikowiç maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, şeýle derejedäki duşuşygyň dünýä taryhynda täze sahypany açýandygyny, wekiliýetleriň uly düzüminiň bolsa gozgalýan meseläniň wajypdygynyň hem-de Milletler Bileleşiginiň agzalarynyň onuň çözgüdini bilelikde tapmaga gyzyklanmasynyň subutnamasydygyny nygtady.

Milli Liderimiz XXI asyryň ählumumy ulag strategiýasynyň ýakynlaşmaga tarap ymtylmagyň, geografiki we düzümleýin mümkinçilikleriň, döwletleriň hem-de sebitleriň tehniki we tehnologik kuwwatynyň birleşdirilmeginiň strategiýasydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bu forumyň netijeleriniň ygtybarly ulag ulgamyny üpjün etmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we umuman, durnukly ösüş Maksatlarynyň berjaý edilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman uzakmöhletleýinlik esasda ýola goýulýan hem-de köpugurly, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolan türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.

Häzirki zaman tapgyrda soňky ýyllarda bilelikde işleşmegiň toplanan tejribesi nazara alnyp täze mümkinçilikler açylýar. Şol işleriň hatarynda Lebap welaýatynda iri möçberli senagat desgasy bolan Garlykdaky kaliý duzlaryna örän baý käniň binýadynda kaliý dökünlerini öndürjek dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy bar. Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özüni örän oňat tanadan döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny ibermek babatda öňden gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeli özara hereket edilmegi üstünlikli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar.

Döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan ynsanperwer ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri söhbetdeşligiň aýratyn meselesine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça aragatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanma tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Belarusyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy M.Mýasnikowiç syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Duşuşyga Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhow gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter