“Altyn asyr” we “Balkan” toparlary AFK-nyň kubogy ugrunda bäsleşerler | TDH
Sport

“Altyn asyr” we “Balkan” toparlary AFK-nyň kubogy ugrunda bäsleşerler

опубликованно 04.12.2016 // 1007 - просмотров
 

“Altyn asyr” we “Balkan” toparlarynyň futbolçylary 2017-nji ýylda geçiriljek AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik ederler. Ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary Türkmenistanyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi hökmünde toparlaýyn bäsleşiklere, “Balkan” topary bolsa ýurdumyzyň çempionatynda ikinji orun alan topar hökmünde saýlama ýaryşlarynda bäsleşip başlarlar.

Milli birinjiligiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda möhletinden öň çempionlyga eýe bolan “Altyn asyr” jemleýji, 36-njy tapgyrdaAşgabatda Daşogzuň “Turan” toparyndaniri hasap bilen – 10:2 hasabynda üstün çykdy. “Balkan” bolsa Maryda “Energetikdan” 1:3 hasabynda utuldy. Emma bu netije ýurdumyzyň gübatar sebitiniň futbolçylaryna kümüş medaly almaga päsgel berip bilmedi.

Marynyň “Energetik” topary ilkinji gezek bürünç medala mynasyp boldy, maryly futbolçylar soňky ýyllarda has netijeli oýnap başladylar. Geçen möwsümde olar 9-njy orny eýelän bolsalar, bu möwsümde eýýäm öňdäki üçlüge girmegi başardylar.

Myhmançylykda oýnap, “Köpetdagy” 3:2 hasabynda utmagy başaran “Ahal” topary dördünji orny eýeledi. Paýtagtymyzda “Aşgabat” topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnan “Merw” topary bäşinji orna mynasyp boldy.

Iň köp pökgi geçiren türgenleriň arasyndaky bäsleşiklerde 30 gezek tapawutlanan Süleýman Muhadow öňe saýlandy, ol öz topardaşy Myrat Ýagşyýewden 7 pökgini artyk geçirdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter