Birža täzelikleri 10-njy Dekabr | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 10-njy Dekabr

опубликованно 10.12.2016 // 975 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gonkongdan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna azyklyk bugdaýy, nah ýüplügi we aşgarlanmadyk matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 606 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine niderlandly işewürler 1 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million 135 müň manatlykdan gowrak awtoulagy we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter