Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

опубликованно 14.12.2016 // 960 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Paolo Jentiloni Silweri Italiýa Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy wezipesine girişmegi mynasybetli ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz öz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berip, bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministrine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, şeýle hem dostlukly italýan halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter