Türkmen maldarlary ot-iým taýýarlamak boýunça ýyllyk meýilnamany ýerine ýetirdiler | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen maldarlary ot-iým taýýarlamak boýunça ýyllyk meýilnamany ýerine ýetirdiler

опубликованно 23.12.2016 // 1030 - просмотров
 

Oba we suw hojalygy minisrtliginiň hem-de Azyk senagaty döwlet birleşiginiň maldarçylyk hojalyklary ot-iým taýýarlamak boýunça ýyllyk meýilnamany doly möçberde ýerine ýetirdiler.

Şu ýyl 171 müň 618 tonna ot-iým taýýarlanyldy.

Şeýle hem maldarlar we çopanlar üçin göwnejaý şertleri döretmek boýunça degişli çäreler geçirildi. Mallary ot-iým bilen üpjün etmegi mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen maldarçylyk hojalyklarynyň meýdanlarynda ot-iýmlik ekinler ekildi.

2016-njy ýylyň 1-njy dekabryna çenli Türkmenistanyň ähli hojalyklaryndaky gara mallaryň baş sany 2,3 milliondan gowrak boldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter