Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

опубликованно 25.12.2016 // 989 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gara deňziniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň “Tu-154” kysymly uçarynyň heläkçilige uçramagy zerarly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine çuňňur gynanjyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirip, medet beriji sözlerini beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter