2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi | TDH
Ykdysadyýet

2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi

опубликованно 26.12.2016 // 973 - просмотров
 

2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi.

Şol desgalaryň hatarynda Aşgabadyň Halkara howa menzili, Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji tapgyry, Lebap welaýatyndaky kuwwatly elektrik stansiýa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumy we beýlekiler bar.

Ýylyň täze gurluşyklarynyň arasynda umumy meýdany 1 million 700 müň inedördül metrden hem geçýän ýaşaýyş jaýlary, köp sanly mekdepler we çagalar baglary, saglygy goraýyş pudagynyň desgalary hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalar ulanmaga tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter