Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesowyň Merkezi saýlaw topa | TDH
Saýlawlar - 2017

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesowyň Merkezi saýlaw topa

опубликованно 26.12.2016 // 1076 - просмотров
 

Hormatly adamlar!

Meni uly döwlet baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan watandaşlaryma, esasan hem raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.

Maňa şu gün Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň şahadatnamasy gowşuryldy. Pursatdan peýdalanyp, Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna hoşallygymy bildirýärin.

Ýurdumyzda uly özgertmeler bolup geçdi we geçýär. Bu özgertmeler öz köküni halkymyzyň köp asyrlyk taryhyndan alyp gaýdýar. Türkmen halky dünýäniň gadymy halklarynyň biri. Bu halk taryhda siwilizasiýalary, medeniýetleri, imperiýalary döreden halk, beýik akyldarlary dünýä beren halk, bize - şu günki nesillere taryhy ýadygärlikleri goýan halk. Kök berk bolanda, pudak berdaşly bolýar. Şeýle şöhratly geçmiş biziň geljegimiziň hem şöhratly boljagyndan habar berýär.

Biz berkarar döwletde, bagtyýar döwürde ýaşaýarys. Berkararlygyň birinji şerti halkyň agzybirligidir. Jemgyýetimiziň jebisligidir. Döwlet mizemezligi, il-ulusyň bagtyýarlygy üçin halk agzybir bolmalydyr. Ata-babalarymyzyň aýdyp geçişi ýaly: «Agzybire Taňry biýr»..

Häzir Türkmenistan ýurdumyzda raýatlar bir-birege dogan ýaly bolup, bir ýoldan gadam urup, bir maksada gulluk edýärler. Ol maksat Watanyň güllemegi, ýurduň depgin bilen ösmegi, halkyň gowy ýaşamagy, çagalarymyzyň gülüp-oýnap, gowy bilim almagy.

Bu döwletlilikden nyşan, rysgallylykdan nyşan. Maksadymyz aýdyň. Biziň her birimiz muňa buýsanmaga haklydyrys.

Men özümi dalaşgär görkezen raýatlaryň teklipçi toparyna ýene bir gezek hoşallygymy bildirýärin.

Hormatly Prezidentimizi, beýleki ähli dalaşgärleri we ýurdumyzyň ähli raýatlaryny Täze 2017-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, Täze 2017-nji ýyl düşümli, rysgally, bereketli ýyllaryň biri bolsun!

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter