Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär - Seýdiniň нebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýewiň Merkezi saýlaw toparynda eden çykyşy | TDH
Saýlawlar - 2017

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär - Seýdiniň нebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýewiň Merkezi saýlaw toparynda eden çykyşy

опубликованно 26.12.2016 // 1177 - просмотров
 

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzda saýlawlar demokratik esaslarda, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Ata Watanymyzda saýlawlary dünýäde ykrar edilen ölçeglere laýyk geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi raýatlaryň öz erk-isleglerini erkin beýan etmeklerine ähli mümkinçilikleri berýär. Saýlawlar köp partiýalylyk şertlerinde geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde hem saýlawlara raýatlaryň teklipçi toparlarynyň hödürlän dalaşgärleriniň gatnaşmagy, ýurdumyzyň öz milli demokratik ösüş ýoluny saýlap alandygynyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan Saýlaw kodeksi saýlawlary geçirmegiň demokratik kadalaryny özünde jemleýär we yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde milli demokratiýa ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna, adam hukuklarynyň doly berjaý edilýändigine şaýatlyk edýär. Döwletimiziň hukuk ýagdaýyny we onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzy ösdürmek babatynda uzak möhletleýin, toplumlaýyn maksatnamalar we özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň milli Maksatnamasynda nebitiň we gazyň çykarylyşyny we gaýtadan işlenilişini birnäçe esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Gury ýerde nebiti we gazy gözlemek hem-de olary çykarmak üçin tebigy ýataklary özleşdirmek işjeň ýola goýulýar. Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýangyç serişdeleriniň ýataklary hem özleşdirilýär.

Biz, elbetde, gazanylanlar bilen çäklenmän, barha ösüşlere tarap öňe aýgytly hereket etmeli. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, “Çekseň zähmet, ýagar rehnet”.

Pursatdan peýdalanyp, meni dalaşgärlige hödürlän teklipçi toparynyň hemme agzalaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär edip bellige alan Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn.

Hormatly Prezidentimizi, beýleki ähli dalaşgärleri we ýurdumyzyň bagtyýar halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter