Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 03.01.2017 // 1449 - просмотров
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze, 2017-nji ýylda Size bagt arzuw edýärin.

Ispaniýanyň Patyşasy Felipe maşgalasy bilen

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Size Täze ýylda bagt we parahatçylyk arzuw edýärin.

Abdalla II,
Iordan Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň Alyhezretiňize Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglarymy we berk jan saglyk, bagt, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

2017-nji ýylyň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnuklylyk şertlerinde umumadamzat gymmatlyklaryny artdyrýan, halklaryň arasyndaky ýakynlaşmak, birek-birege düşünişmek, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýardam berýän köprüleriň gurulýan täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrjakdygyna ynam bildirýärin.

Hormatlamak bilen,

Mohammed VI,
Marokkonyň Patyşasy

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze ýylda gowulyklary arzuw edýärin.

Tonganyň Patyşasy Tupou VI maşgalasy bilen

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Täze, 2017-nji ýylyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek üçin mümkinçiligiň dörändigine şatdyryn.

Täze ýylyň ähli ýurtlar we tutuş adamzat üçin parahatçylygyň, howpsuzlygyň, gülläp ösüşiň ýyly boljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk arzuw edýärin, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ähmiýet bermekçidigimi beýan edýärin.

Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Emiri

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter