Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 04.01.2017 // 905 - просмотров
 

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size Täze, 2017-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy mälim edýärin.

Goý, bu ýyl Türkmenistanyň ösüşinde we GDA-nyň çäklerindäki döwletara hyzmatdaşlygynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde täze üstünliklere beslensin!

Size we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Size Täze ýyl gutlaglary bilen birlikde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işine yzygiderli goldaw berýändigiňiz üçin hoşallyk bildirýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

S.Lebedew,
GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň
başlygy-Ýerine Ýetiriji sekretary

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy kabul ediň. 2017-nji ýylyň Siziň Alyhezretiňize saglyk we bagt, dünýä ýurtlaryna parahatçylyk, durnuklylyk hem-de abadançylyk getirmegini arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Ilçi Ramil Hasanow,
Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň
baş sekretary

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter