Türkmenistanyň Prezidenti: 2017-nji ýylda önümçilik desgalaryň 262-si we durmuş ähmiýetli desgalaryň 611-si gurlar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti: 2017-nji ýylda önümçilik desgalaryň 262-si we durmuş ähmiýetli desgalaryň 611-si gurlar

опубликованно 13.01.2017 // 1241 - просмотров
 

2017-nji ýylda Türkmenistanda gurluşyk pudagynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 42 milliard 700 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirmek maksat edinilýär. Şolardan 34 millard 900 million manady ýa-da 81,6 göterimi önümçilik ähmiýetli desgalaryň, 7 milliard 800 million manady ýa-da 18,4 göterimi bolsa önümçilik däl desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Bular barada şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, 2017-nji ýylda ýurtda 873 desgany, şol sanda önümçilik desgalaryň 262-sini we durmuş ähmiýetli desgalaryň 611-sini bina etmek göz öňünde tutulýar. Hassahanalar, lukmançylyk merkezleri we saglyk öýleri, mekdebe çenli ýaşdaky çagalar edaralary, orta mekdepler, medeniýet öýleri gurlar hem-de olaryň durky täzeleniler.

Şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Döwlet serişdeleriniň hem-de hususy maýa goýumlaryň hasabyna şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň depginli gurulmagy dowam etdiriler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter