Welaýatlaryň saýlawçylarynyň dalaşgärler bilen nobatdaky duşuşyklary 25-nji ýanwarda geçiriler | TDH
Saýlawlar - 2017

Welaýatlaryň saýlawçylarynyň dalaşgärler bilen nobatdaky duşuşyklary 25-nji ýanwarda geçiriler

опубликованно 23.01.2017 // 921 - просмотров
 

2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary geçiriler.

Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşyk Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda, Ramazan Durdyýew bilen duşuşyk Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkimliginde, Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda, Serdar Jelilow bilen duşuşyk Balkan welaýatynyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde, Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşyk Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde bolar.

Duşuşyklar sagat 10-da başlanýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter