Türkmenabatda saýlawçylaryň Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy boldy | TDH
Saýlawlar - 2017

Türkmenabatda saýlawçylaryň Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy boldy

опубликованно 25.01.2017 // 939 - просмотров
 

Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Durdyýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylarynyň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň wekilleriniň, oba zähmetkeşleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçdi.

Dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary R.Durdyýewiň terjimehaly bilen tanyşdyrdy. Ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlap, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öz zähmet ýoluna başlady. 2014-nji ýylyň dekabrynda bolsa onuň direktory wezipesine bellenildi. Dalaşgäriň wekili raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen R.Durdyýew üçin ses bermäge çagyryp, onuň şahsy başarnygyny, ýokary hünär ussatlygyny, täzeçil başlangyçlary goldaýandygyny belledi.

Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň özüne söz berildi. R.Durdyýew döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän ugry goldaýandygyny mälim edip, ýurdumyzy ösdürmek hem-de özgertmek boýunça uzakmöhletleýin toplumlaýyn wezipeleri yzygiderli we gyşarnyksyz berjaý etmek bilen ösüş ýoly boýunça ynamly öňe gadam urmaga çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerine baý bolan ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady hem-de tebigy mümkinçiliklerini türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbitlerine peýdalanmak boýunça giň göwrümli işler mundan beýläk hem amala aşyrylar. Ýurdumyzyň gury ýerdäki we deňizdäki tebigy baýlyklaryny özleşdirmek dowam etdiriler, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň amatly usullary hem-de ýollary kesgitlener, turba geçirijileriň kämil düzümli ulgamy, nebitgaz toplumynda dürli desgalar we aragatnaşyk ulgamlary dörediler.

Dalaşgär gündogar sebitiniň mundan beýläkki ösüşi barada öz garaýyşlaryny ýygnananlara beýan edip, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem obalaryň we şäherleriň gurluşygynyň hem-de abadanlaşdyrylyşynyň batly depginlerde dowam etdiriljekdigini nygtady. Bilim, saglygy goraýyş, sport hem-de medeniýet ulgamlaryny ösdürmäge, syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berler. Munuň üçin ajaýyp taryhy we tebigy ýadygärlikleriň mekany bolan Amyderýa jülgesinde ähli zerur şertler bar.

R.Durdyýew goldaw berendikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, saýlawçylaryň ýetip gelýän Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşyp, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň bähbidine öz seslerini iň mynasyp dalaşgäre berjekdiklerine ynanýandygyny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter