Bekmyrat Atalyýew Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy | TDH
Saýlawlar - 2017

Bekmyrat Atalyýew Mary welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

опубликованно 25.01.2017 // 995 - просмотров
 

Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar--ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň terjimehaly, şahsy we iş başarnygy bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, B.Atalyýewiň ynanylan wekili ony ýurdumyza we halkymyza wepaly gulluk edýän, ak ýürekli raýat hem-de ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi çykyş etdi. B.Atalyýew ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, olary saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Ol maksatnama laýyklykda, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler ýoluny dowam etmegi göz öňünde tutýar.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we telekeçiligi goldamak onuň maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Maliýeleşdirmekde, ýeňillikli karz serişdelerini almakda goldaw bermek, önümçilik hem-de durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşygynda öňdebaryjy dünýä tehnologiýalaryny we enjamlaryny peýdalanmak üçin şertleri döretmek, karz hem-de debit iş amallaryny kämilleşdirmek hususy ulgamyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri döreder hem-de telekeçileriň sany artar.

B.Atalyýew saýlawçylaryň sebitleri ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly sowallaryna jogap berip, durmuş maksatnamalaryny mundan beýläk hem goldamagyň, dürli maksatly desgalaryň giň göwrümli gurluşyklarynyň hem-de şäherleri we obalary abadanlaşdyrmagyň, ylmy, bilimi ösdürmegiň, oba hojalyk pudagy özgertmegiň meseleleriniň mundan beýläk hem ileri tutuljakdygyny belledi.

Dalaşgär halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk başlangyçlaryna esaslanýan hem-de döwletimize ýokary halkara abraýyny getiren Bitaraplyk syýasatyny dowam etjekdigini aýtdy.

B.Atalyýew duşuşygyň ahyrynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, hukuk döwletiniň, halkymyzyň agzybirliginiň binýatlyk esaslaryny berkitmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna saýlawçylary ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter