GDA-nyň synçylar toparynyň ştaby habar neşir etdi | TDH
Saýlawlar - 2017

GDA-nyň synçylar toparynyň ştaby habar neşir etdi

опубликованно 25.01.2017 // 947 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda GDA-dan bolan synçylar toparynyň Ştabynyň habaryny getirýäris:

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda GDA-dan bolan synçylar topary hem-de onuň Ştaby 2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler.

Prezident saýlawlaryna syn etmegiň çäklerinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň birinji orunbasary—Ýerine ýetiriji sekretary W.Guminskiniň Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentligine geçiriljek saýlawlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy saýlaw möwsüminiň barşy barada jikme-jik gürrüň berdi hem-de Prezident saýlawlaryna syn etmegi üçin GDA-nyň synçylar toparyna zerur şertleriň dörediljekdigini ynandyrdy.

Öz nobatynda G.Myradowa GDA-dan bolan synçylar toparynyň işleriniň ýörelgeleri hem-de onuň işiniň guralyşy barada habar berildi. Toparyň işiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guraljakdygy hem-de saýlawlary guramak we geçirmek ulgamynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanjakdygy nygtaldy. Şunda topar saýlawlaryň döwletiň içerki işi bolup durýandygyndan ugur alýar, toparyň wezipesi bolsa saýlaw möwsüminiň milli kanunçylyga laýyk gelýändigine baha bermekden hem-de erkin we demokratik saýlawlaryň geçirilmegine ýardam bermekden ybaratdyr.

Toparyň düzümine 80 töweregi synçylaryň girmegi meýilleşdirilýär. Şol sanda olaryň 10-sy uzakmöhletleýin esasda işlär.

Toparyň Ştaby mundan beýläk-de öz işi barada habar berer.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter