Türkmenistanyň Prezidentine Mali Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Mali Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 26.01.2017 // 872 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Maliniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de ähli türkmen halkyna Täze ýylda bagtyýar durmuş baradaky iň gowy arzuwlary ibermäge şatdyryn.

Pursatdan peýdalanyp, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ajaýyp dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy ýene bir gezek tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden abadançylyk we dostlukly türkmen halkyna mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Ibrahim Bubakar Keýta,
Mali Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter