Aşgabatda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy | TDH
Saýlawlar - 2017

Aşgabatda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy

опубликованно 26.01.2017 // 943 - просмотров
 

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde döwlet wezipesine dalaşgärleriň biri - “Rysgal” Paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bekmyrat Atalyýewiň saýlaşçylar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmet toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Dalaşgäriň ynanylan wekili duşuşyga gatnaşyjylary Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hödürlenilen dalaşgäriň terjimehaly bilen tanyşdyryp, ony başarjaň, öňde goýlan wezipeleriň oňyn çözgüdini tapmakda guramaçylyk başarnyklaryny we ýokary hünär derejesini görkezen ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi hem-de ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň hormat goýulmagyna mynasyp şahsy taraplaryny belledi.

Soňra dalaşgäre söz berildi, ol saýlawçylara özüniň maksatnamasyny beýan etdi. B.Atalyýew maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça geljekde hem okgunly ösdüriljekdigini nygtady. Durmuş we medeni ulgamlaryna, bilime hem-de türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmäge, ýurdumyzyň ylmynyň ösdürilmegine aýratyn üns berler. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň, döwletiň hem-de jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmagyň, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dikeltmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de maliýeleşdirmek, ýeňillikli karzlary bermek meselelerinde, önümçilik we durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşygynda öňdebaryjy dünýä tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny peýdalanmak üçin zerur şertleri döretmek, salgytlary azaltmak, karz we debitorlyk amallaryny kämilleşdirmek arkaly telekeçilige goldaw bermek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Dalaşgär ýygnananlar bilen gyzykly pikir alyşmalaryň barşynda saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi, olaryň köpüsi ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek meselesini gozgadylar. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň belleýşi ýaly, ol Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine oňaýly täsirini ýetirýän taslamalary durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň geografiýa taýdan ýerleşmegini hasaba almak bilen, olaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak, senagat pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegi maksat edilýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär netijeli duşuşyk üçin ýygnananlara ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine güýjüni aýamajakdygyna saýlawçylary ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter