Ramazan Durdyýew paýtagtymyzyň saýlawçylaryny öz maksatnamasy bilen tanyşdyrdy | TDH
Saýlawlar - 2017

Ramazan Durdyýew paýtagtymyzyň saýlawçylaryny öz maksatnamasy bilen tanyşdyrdy

опубликованно 29.01.2017 // 862 - просмотров
 

Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Durdyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. “Mekan” köşgünde geçirilen duşuşyga ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine görkezilen dalaşgäriň zähmet ýoly, şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyryldy. R.Durdyýewiň ynanylan wekili dalaşgäri ak ýürekli, sowatly hünärmen we ýokary guramaçylyk ukyby bolan mynasyp dalaşgär hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra dalaşgäriň özi ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. R.Durdyýew saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyny beýan etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasatda, ykdysadyýetde we medeniýetde ägirt uly üstünlikler gazanan ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Şeýle hem daşary syýasatda Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen hoşniýetli we özara peýdaly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet beriljekdigi bellenildi. Awtomobil we demir ýollaryň, gaz hem-de elektrik geçirijileriň gurluşygy dowam etdiriler. Bu işler döwletimiziň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirer. Mundan başga-da, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bir hatarda, türkmen gazyny we elektrik energiýasyny daşarky bazara ugratmagyň täze mümkinçilikleri öwreniler.

Turba geçirijileriň, dürli desgalaryň, nebitgaz toplumynyň hyzmatdaşlyk ugurlarynyň ähli ulgamlarynyň kämil düzümi dörediler. Nebiti gaýtadan işlemek, nebitgaz we himiýa senagatyny ösdürmek bu ulgamyň ileri tutulýan ugurlary bolar. Öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň içeri syýasatynyň esasy ugruna öwrüler.

Mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilen işler, aýratyn-da, dürli maksatly binalaryň gurluşygy boýunça ägirt uly çäreler amala aşyrylar. Dalaşgär öňde durýan möhüm wezipelerden ugur almak bilen, hemme welaýatlarda ähli amatlyklary özünde jemleýän täze obalaryň, şäherçeleriň we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň işjeň dowam etdiriljekdigini belledi. Şeýle hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi we sport sazlaşykly ösdüriler.

Duşuşygyň dowamynda R.Durdyýew saýlawçylaryň Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk meýilnamalar bilen baglanyşykly sowallaryna jogap berdi. Hususan-da, nebithimiýa senagatyny, oba hojalyk toplumyny, milli ykdysadyýetimiziň başga-da birnäçe pudaklaryny ösdürmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Bu ýerde çykyş edenler isleg-arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň, giň möçberli maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işleriniň dowam etdirilmelidigi barada aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär duşuşyga gatnaşyjylara tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyza wepaly gulluk etmekdigine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ýene bir gezek ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter