Durdygylyç Orazow Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi | TDH
Saýlawlar - 2017

Durdygylyç Orazow Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

опубликованно 03.02.2017 // 1015 - просмотров
 

Şu gün Lebap welaýatynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Türkmenistanyň Agrar pariýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy.

Duşuşyk Türkmenabatda, S.Seýdi aýdyndaky Döwlet drama teatrynda welaýatyň häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Dalaşgäriň ynanylan adamy Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgäri tanyşdyryp, 2002- 2014-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Daýhan” daýhan birleşigine ýolbaşçylyk eden D.Orazowyň özüni iň gowy tarapdan, guramaçylyk ukyplaryny hem-de işe jogapkärli çemeleşmek başarnygyny görkezendigini belledi.

Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugry bilen tanyşdyrdy. Onda döwleti mundan beýläk-de ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň birnäçesi beýan edilýär. Ata-babalarymyzyň wesýetlerine, türkmen halkynyň belent ruhy-ahlak we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna eýerilip, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam edýän bitaraplyk syýasaty dowam etdirilýär.

Obany mundan beýläk-de ösdürmek we ýerlerde ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan düzümi döretmek ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiki wezipeleriniň hatarynda görkezildi. Mälim bolşy ýaly, dalaşgäriň wekilçilik edýän, “Syýasy partiýalar hakyndaky” Kanuna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Agrar partiýasy öz işini oba hojalygyny ösdürmäge, oba ýerlerini özgertmäge gönükdirýär.

D.Orazow ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etdirjekdigini aýtdy. Welaýatlaryň ählisi senagat taýdan okgunly ösüşe eýe bolar, şunda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berler.

Dalaşgär duşuşyga gatnaşyjylara üns berip diňländikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýygnananlary halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagy, onuň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi, ýurdumyzda durnuklylygygyň hem-de parahatçylygyň has-da berkidilmegi, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter