Mary şäherinde Süleýmannepes Nurnepesowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi | TDH
Saýlawlar - 2017

Mary şäherinde Süleýmannepes Nurnepesowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi

опубликованно 03.02.2017 // 1041 - просмотров
 

Şu gün Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar – ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmet toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri teklipçi topar tarapyndan hödürlenen S.Nurnepesowyň terjimehaly bilen tanyşdyryldy. Dalaşgäriň ynanylan adamy ony abraýly, iş başarjaň, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbitlerine wepaly ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra dalaşgäriň özi çykyş edip, ýygnananlary saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Maksatnama laýyklykda, dalaşgär täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we işe girizmek, uglewodorod çig malynyň senagat taýdan gaýtadan işlenýän möçberini ýokarlandyrmak, täze eksport ugurly turbageçiriji ulgamlary, döwrebap himiýa önümçiliklerini döretmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri dowam etmegi göz öňünde tutýar.

Duşuşygyň barşynda S.Nurnepesow ýygnananlaryň sowallaryna jogap berdi. Saýlawçylary azyk harytlarynyň öndürilişini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, obany ösdürmek we ilaty iş bilen üpjün etmek meseleleri gyzyklandyrdy.

Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etmek maksady bilen, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, bilimi we saglygy goraýşy ösdürmäge aýratyn üns berler. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen durmuş-medeni maksatly desgalaryň, awtoulag ýollarynyň, ilatly ýerleri gaz bilen üpjün etmek üçin turbageçirijileriň gurluşygy güýçli depginde dowam etdiriler diýip, dalaşgär aýtdy.

Bulardan başga-da, durmuş maksatnamalaryny mundan beýläk-de goldamak, şäherleri we obalary abadanlaşdyrmak, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolar.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, ol döwletiň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak ýoluny dowam etmegi, “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmegi, dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli dostlukly gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär ýygnananlara üns berip diňländikleri üçin hoşallyk bildirip, saýlawçylary ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagy, Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýyny mundan beýläk-de artmagy üçin ähli güýç-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter