Türkmen ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary ýanwar aýynyň meýilnamadaky wezipelerini artygy bilen ýerine ýetirdiler | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary ýanwar aýynyň meýilnamadaky wezipelerini artygy bilen ýerine ýetirdiler

опубликованно 07.02.2017 // 944 - просмотров
 

Türkmen ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary tarapyndan ýanwar aýynda nebit we gaz kondensatyny almak boýunça meýilnama 108 göterim, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,6 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 100,7 göterime deň boldy.

Şeýle hem birnäçe nebit önümleriniň çykarylyşy, şol sanda awtomobil benzininiň öndürilişi boýunça meýilnamadaky wezipeler 7,6 göterim, dizel ýangyjynyň çykarylyşy 9,8 göterim, polipropileniň öndürilişi 2,6 göterim artygy bilen ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň şol döwründäki bilen deňeşdirilende, çalgy ýaglarynyň öndürilişiniň ösüş depgini 100,7 göterim boldy. Guýylary burawlamak boýunça meýilnama 157 göterim berjaý edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter