Türkmenistanyň senagat ulgamy önümçilik görkezijilerini artdyrýar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň senagat ulgamy önümçilik görkezijilerini artdyrýar

опубликованно 07.02.2017 // 1432 - просмотров
 

Türkmenistanyň senagat syýasaty innowasion taýdan ösüşe, milli ykdasadyýetiň bäsleşige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Dünýä bazarynda milli önümçiligiň senagat harytlarynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin ýurdumyzda gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, netijeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýokary hilli eksporta niýetlenilen önümleriň hem-de daşardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän harytlaryň çykarylyşyny yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Muňa ýylyň tamamlanan ilkinji aýynyň görkezijileri-de şaýatlyk edýär. Mysal üçin, 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň kärhanalary tarapyndan önümçilik meýilnamasy 127,5 göterim, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan meýilnama 113,8 göterim berjaý edilip, 5,4 göterim ösüş gazanyldy (2016-njy ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende). “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan ýanwar aýynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 102,8 göterim bolup, ösüş 2,8 göterime ýetdi.

“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe önüm öndürilişiniň meýilnamasy109,2 göterim berjaý edildi.

Balyk hojalygy Döwlet komiteti boýunça önümçiligiň görkezijileri 4,7 göterim ýokarlandy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter