Ýanwar aýynda ulag toplumynda iň oňat meýilnama görkezijileri – Deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugynda | TDH
Ykdysadyýet

Ýanwar aýynda ulag toplumynda iň oňat meýilnama görkezijileri – Deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugynda

опубликованно 07.02.2017 // 921 - просмотров
 

Deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugy tarapyndan ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 117 göterim berjaý edildi.Ýük daşamakda we hyzmat ediş ulgamynda ösüş depgini 101 göterime deň boldy.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýolagçy gatnatmakda gazanylan ösüş depgini 100,2 göterim boldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşalyşynda 104 göterime, ýolagçy gatnatmakda bolsa 101,4 göterime ýetdi.

Ýanwar aýynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 102 göterimden ybarat boldy.

“Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy boýunça şu ýylyň birinji aýynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş depgini 103 göterime ýetdi. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde, 107 we 103 göterime deň boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter