Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: behişdi bedewler bahasyna ýetip bolmajak deňsiz-taýsyz gymmatlykdyr | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: behişdi bedewler bahasyna ýetip bolmajak deňsiz-taýsyz gymmatlykdyr

опубликованно 09.02.2017 // 1978 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýar we at üstünde gezim etmegi ileri tutýar. Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyz üsti ýapyk manežde Baýram han diýen bedewinde gezim etdi.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylyň ilkinji günlerinde bu toplumda taýçanak dünýä indi, hormatly Prezidentimiz oňa Ruhubelent diýip at dakdy. Bu gün taýçanaga bir aý boldy, ol özüni oňat duýýar we athananyň içinde şadyýan bökjekleýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmenleriň gadymy dessuryna eýerip, taýçanagyň boýnuna alaja dakdy we Ruhubelent atly taýçanagyň hem türkmen atçylyk sportunda, milli atçylykda mynasyp orun eýelejekdigine hem-de özüniň meşhur tohumynyň ýoluny dowam etdirmäge, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, behişdi bedewler bahasyna ýetip bolmajak deňsiz-taýsyz gymmatlygymyz bolup durýar. Behişdi bedewler milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolmak bilen, özleriniň tebigy gözelleri hem-de syrdamlylygy, wepalylygy bilen asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda ahalteke bedewleri halkara sirk festiwallarynda we atçylyk sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça atçylyk sporty – konkur Aziada-2017-niň maksatnamasyna girizildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter