Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýeri Germaniýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýeri Germaniýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

опубликованно 13.02.2017 // 1084 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Frank-Walter Ştaýnmaýere berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Germaniýanyň dostlukly halkyna bolsa gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň täze saýlanan Prezidentine uly hormat goýýandygy baradaky ynandyrmalaryny, iki ýurduň halklarynyň bähbidine Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga çalyşýandygy baradaky meýillerini mälim etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter