Türkmen türgenleri Buhara oblastynyň kuraş boýunça açyk çempionatynda 14 medala mynsasyp boldular | TDH
Sport

Türkmen türgenleri Buhara oblastynyň kuraş boýunça açyk çempionatynda 14 medala mynsasyp boldular

опубликованно 13.02.2017 // 1036 - просмотров
 

Biziň toparymyzda ýaryşyň iň ýokary baýragyna Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Muhammet Temirow (81 kg çenli), Hudaýberdi Jumaýew (100 kg çenli), Aýnur Amanowa (52 kg çenli) mynasyp boldular. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň birinji sport mekdebiniň tälimçisi Mariýa Lohowa (78 kg çenli) we Türkmenistanyň kuraş federasiýasynyň türgeni Gülşat Nasyrowa (63 kg çenli) ýaryşyň altyn medalyna mynasyp boldular.

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Marat Orazow (66 kg çenli), Aýna Jumagulyýewa (63 kg çenli) hem-de kuraş milli federasiýasynyň türgeni Bägül Nuryýewa (52 kg çenli) kümüş medala eýe boldular. Bürünç medala bolsa Milli sport we syýahatçylyk institutynyň wekilleri Saýara Ereşowa (57 kg çenli), Nedir Allaberdiýew (65 kg çenli), Şatlyk Jumanyýazow (73 kg çenli), Daýanç Taganow (90 kg çenli), şeýle hem Türkmenistanyň kuraş federasiýasynyň türgeni Mähriban Gurbanowa (57 kg çenli) hem-de Lebap welaýatyndan Sanjar Abdyrahmanow (90 kg çenli) mynasyp boldular.

Kuraş şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Bu iri toplumlaýyn oýunlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde kuraş boýunça türkmen türgenleri Buharada özbek türgenleri bilen bilelikde okuw-türgenleşik işlerini dowam ederler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter