Türkmenistanyň Prezidentine Gruziýanyň Prezidentinden | TDH
Resminamalar

Türkmenistanyň Prezidentine Gruziýanyň Prezidentinden

опубликованно 14.02.2017 // 1058 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara Bitaraplyk güni kararnamasyny kabul etmegi mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Siziň başlangyjyňyzy goldap, kabul eden çözgüdi Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň ýokarydygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Halkara bileleşigi bu baýramçylygy her ýyl bellemek bilen, türkmen halkynyň gülläp ösýän döwleti gurmak ýolunda gazanýan üstünliklerine köp gezek baha berip biler.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň şahsy tagallalaryňyzy aýratyn bellemäge rugsat ediň. Şol tagallalaryňyz netijesinde Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykaryldy. Geljekde hem bize ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörejekdigine umyt edýärin.

Hormatlamak bilen,

Giorgiý Margwelaşwili,
Gruziýanyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter