Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň wekillerini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň wekillerini kabul etdi

опубликованно 14.02.2017 // 983 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ilýas Umahanowy hem-de Federasiýa Geňeşiniň Reglament we parlament işini guramak baradaky komitetiniň başlygy Wadim Týulpanowy kabul etdi.

I.Umahanow türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy geçen ýekşenbede üstünlikli geçirilen saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagy bilen gutlady hem-de Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, ses bermegiň jemlerinde öz beýanyny tapan türkmen halkynyň erk-islegi döwlet Baştutanymyzyň abraýynyň belentdigini hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasy ugrunyň ählumumy goldawa mynasyp bolýandygyny aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa bilen gatnaşyklaryň aýratyn häsiýete eýedigini belledi. Russiýa hemişe strategiki hyzmatdaşlaryň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Türkmenistany hem-de Russiýany köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleri we deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz we myhmanlar döwletara gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, häzirki wagtda türkmen-rus gatnaşyklarynyň dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän, hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklar, iki ýurduň wekiliýetleriniň saparlarynyň yzygiderli alşylmagy, parlamentara gatnaşyklaryň giňeldilmegi has netijeli syýasy gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etdi. Şol gatnaşyklaryň üsti bolsa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşi bilen ýetirilýär. Duşuşygyň barşynda okgunly ösýän Türkmenistanyň gazanýan uly üstünlikleri hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleriniň hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýändigi nygtaldy. Şol özgertmeler bolsa Türkmenistany ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan hem-de Russiýa durmuş-ykdysady ösüşiň umumy wezipelerine we ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, döwletara gatnaşyklarynyň giň hem-de ygtybarly şertnama – hukuk binýadyny döretdiler. Munuň özi ähli ugurlarda netijeli gatnaşyklary okgunly ösdürmäge ýardam edýär.

I.Umahanow ähli ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bar bolan ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatynyň geljekde özara gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmäge hem-de onuň täze, geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň halkara giňişliginde gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada düýpli pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasata ygrarly bolmak bilen, häzirki wagtda ählumumy ösüşiň möhüm meseleleriniň köpüsini çözmekde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Özara düşünişmek, uly syýasy ynam hem-de halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigi ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, sebit we iri halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň, şol sanda BMG-niň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär.

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durmuş-ykdysady ösüşi pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlarynyň ençemesini öňe sürýän Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasaty ýurduň halkara abraýynyň has-da artmagyny üpjün etdi we Milletler Bileleşiginiň ähli agzalarynyň, şol sanda Russiýanyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Russiýa Türkmenistany Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etmek hakyndaky kararnamasy hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugrunyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhmanlar birek-birege iň gowy arzuwlary beýan edip, iki doganlyk halkyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylygynyň kuwwatly binýadynda guralýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter