Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda pikirlerini aýtdylar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda pikirlerini aýtdylar

опубликованно 14.02.2017 // 993 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyny mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy üçünji gezek ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, iki halkyň arasyndaky dostluk gutnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady hem-de Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derejesine kanagatlanma bildirip, hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiz we Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany ýokary we hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna oňyn baha berip, döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar we onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de özara ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat etmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew ýöpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtap, iki döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň ornuna aýratyn üns berdiler. Şu babatda yzygiderli geçirilýän işewür duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Olaryň barşynda taraplar netijeli türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin binýady kemala getirmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlaýarlar.

Döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Söhbetdeşler bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşmagyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem russiýaly dostlarymyzy Türkmenistanda hemişe görmäge şatdygyny belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy mundan beýläk-de ikitaraplaýyn gatnaşyklara özara ynanyşmak, açyklyk we birek-birege düşünişmek häsiýetiniň eýe boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk hem-de üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter