Türkmenistanyň Prezidentine Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 16.02.2017 // 841 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident,

Horwatiýa Respublikasynyň raýatlarynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmäge örän şatdyryn.

Şu jogapkärli wezipede Siziň ýurduňyzyň durnuklylygynyň we ösüşiniň hem-de onuň raýatlarynyň abadançylygynyň bähbidine maksada laýyk işi dowam etjekdigiňize ynanýaryn.

Horwatiýa Respublikasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk we dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Şol gatnaşyklar bolsa biziň ýurtlarymyz üçin özara gyzyklanma bildirilýän dürli ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär we berkidilýär. Geljekki bilelikdäki tagallalaryň kömegi bilen biziň umumy hyzmatdaşlygymyza, aýratyn hem iki ýurduň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge saldamly goşant goşmagymyzy dowam etdirjekdigimize berk ynanýaryn.

Jenap Prezident, Size iň gowy arzuwlarymy hem-de öz adymdan we Horwatiýanyň halkynyň adyndan hakyky dostlugymy beýan edýärin.

Ýakyn wagtda Sizi Horwatiýa Respublikasynda kabul etmek mümkinçiligine umyt etmek bilen, Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Kolinda Grabar-Kitarowiç,
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter