Türkmenistanyň Prezidentine Ermenistan Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Ermenistan Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 16.02.2017 // 832 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Munuň özi ýurduň raýatlarynyň Siziň ýolbaşçylygyňyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmäge bolan pugta meýillerini tassyk edýär.

Soňky ýyllarda Siziň ýurduňyzda döwlet gurluşynda, durmuş-ykdysady pudakda we halkara giňişliginde gazanylýan üstünlikler Size bolan umumymilli goldawy hem-de ynamy doly derejede üpjün etdi.

Siziň pugta dostluk we birek-birege hormat goýmak däplerine daýanýan ermeni-türkmen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak meselelerine bolan üýtgewsiz garaýşyňyza ýokary baha berýärin. Biz döwletara gatnaşyklaryny mudan beýläk-de ösdürmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam bermäge we ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýäris. Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde gatnaşyklaryň mundan beýläk-de täze giň möçberli taslamalar bilen baýlaşjakdygyna, Siziň Ermenistana boljak resmi saparyňyzyň bu ugurdaky gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, uly üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gulläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Serž Sargsýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter