Türkmenistanyň Prezidentine Ukrainanyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Ukrainanyň Prezidentinden

опубликованно 16.02.2017 // 860 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň Türkmenistanyň Prezidentligine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Saýlawlarda gazanylan ynamly ýeňiş türkmen halkynyň Siziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyňyza uly ynam bildirýändigine, ýurdy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de onuň raýatlarynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriňiziň giň goldawa mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Ukrainany we Türkmenistany özara ynanyşmaga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Siziň şol gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly üns berýändigiňiz biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine uly ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär.

Sizi şu ýyl resmi sapar bilen Ukrainada mübäreklemäge şat bolaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat we döwlet işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Pýotr Poroşenko,
Ukrainanyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter