Türkmenistanyň Prezidentine Moldowa Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Moldowa Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 16.02.2017 // 860 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň golaýda geçirilen saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagyňyz hem-de Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy ýollamak mende aýratyn kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Saýlawlaryň netijeleri saýlawçylaryň işjeňligini tassyklady hem-de türkmen halkynyň saýlap alan durmuş-ykdysady ugruna ygrarlydygyny görkezýär. Siziň ýokary döwlet wezipesindäki işiňiziň mundan beýläk-de Türkmenistanyň ösmegine we onuň raýatlarynyň rowaçlygyna ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Sizi ýakyn wagtda Moldowa Respublikasyna gelmäge çagyrýaryn. Siziň saparyňyzyň moldowa-türkmen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmek üçin bize oňaýly mümkinçilikleri berjekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, Siziň jogapkärli işiňizde täze üstünlikler arzuw etmäge rugsat ediň.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Igor Dodon,
Moldowa Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter