Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow älem giňişligini öwrenmek boýunça merkez döretmek barada pikir aýtdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow älem giňişligini öwrenmek boýunça merkez döretmek barada pikir aýtdy

опубликованно 17.02.2017 // 1145 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda sözlän sözünde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny we esasy wezipelerini belledi.

Döwlet baştutany aragatnaşyk pudagyny ösdürmäge uly üns bereris, älem giňişligini özleşdirmegi, täze hemralary uçurmagy dowam ederis, olar telearagatnaşyk ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine, halk hojalygynyň netijeli işlemegine, yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine ýardam eder diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyz tutuş adamzat üçin uly ähmiýetli bu pudaga mynasyp goşant goşmalydyr diýip, munuň halkara ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Orta asyrlarda ýaşap geçen türkmen alymlary ýurdumyzda güneşli günleriň köplüginden peýdalanyp, Äleme aň ýetirmekde täsin açyşlar edipdirler we dünýä ylmynyň ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Şonuň üçinem, biz hem älem giňişligini öwrenmek üçin ýurdumyzda dünýä derejesindäki obserwatoriýaly merkez gurarys diýip döwlet baştutanymyz belledi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter