Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda syýasy ulgamy kämilleşdirmegiň möhümligini belledi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda syýasy ulgamy kämilleşdirmegiň möhümligini belledi

опубликованно 17.02.2017 // 1062 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda sözlän sözünde döwlet durmuşynda Ýaşulylar maslahatynyň ähmiýetiniň berkidilmegine ünsi çekdi. Mysal üçin, şu ýyl Ahal welaýatynda geçiriljek Ýaşulylar maslahatynda onuň ähmiýetini güýçlendirmek üçin Maslahatyň Düzgünnamasyna kanunçylyk düzedişlerini girizmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar, ol soňra Mejlisiň garamagyna hödürleniler.

Şunda geljekde Mejlisiň ýa-da Ministrler Kabinetiniň döwletiň içerki we daşary syýasatyna deçişli möhüm kararlarynyň Ýaşulylar maslahatynyň goldamagynda güýje girjekdigi göz öňünde tutulýar.

Döwlet baştutany şeýle hem jemgyýetçilik-syýasy durmuşda ýerli ýerine ýetiriji häkimiýeti berkitmegiň, häkimiýetiň ýerli wekilçilikli saýlaw edaralarynyň- welaýat, etrap we şäher Halk maslahatlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň-Geňeşleriň ähmiýetini güýçlendirmegiň zerurlygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze döredilen partiýalaryň işini kämilleşdirmek üçin zerur çäreleri göreris diýip, öz çykyşynda aýtdy.

Halkyň durmuş we hukuk goraglylygyny, raýatlaryň hukuk taýdan goldanylmagyny berkitmek esasy wezipeleriň biri hökmünde agzaldy. Türkmenistanda ýakyn wagtda ombudsmen- adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň instituty işläp başlar, ol ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň işlerinde raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň berjaý edilmegine gözegçilik eder.

Döwlet baştutany mundan başga-da, halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykyly jenaýata, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna aýgytly garşy durmaga ünsi çekdi. Bu ugurda halkara guramalary bilen jebis hyzmatdaşlygyň zerurlygy bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter