Türkmenistanyň ýygyndy topary - Tailandda jiu-jiutsu boýunça iri ýaryşlaryň ikisiniň netijeleri boýunça umumytoparlaýyn ikinji orunda | TDH
Sport

Türkmenistanyň ýygyndy topary - Tailandda jiu-jiutsu boýunça iri ýaryşlaryň ikisiniň netijeleri boýunça umumytoparlaýyn ikinji orunda

опубликованно 19.02.2017 // 968 - просмотров
 

Şu gün Tailandyň paýtagtynda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça “Grand Slam” halkara ýaryşy hem-de ýetginjekleriň we ulularyň arasyndaky dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşy tamamlandy. Biziň watandaşlarymyzyň görkezen çykyşlary üstünlikli boldy: ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üsti medallaryň 44-si bilen ýetirilip, olaryň 11-si altyn, 18-si kümüş we 15-si bürünç medallardan ybarat boldy. Bu görkeziji umumy toparlaýyn çykyşlarda Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ikinji orna çykardy.

Bangkok şäherine Malaýziýadan, Indoneziýadan, Singapurdan, Iordaniýadan, Tunisden, Wýetnamdan we beýleki ýurtlardan türgenleriň ýüzlerçesi geldiler. Ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça tutluşyklar hem-de görkezme çykyşlarynyň “ne-waza” we “duo” diýen ugurlary boýunça geçirildi.

Türkmen toparynyň düzüminde Kemal Meredow, Myrat Gimmiýew, Döwran Myradow, Nasibjan Izbasarow, Maral Öwezgeldiýewa, Ýalkym Nuryýew, Kemal Meredow, Jelilmuhammet Hojamyradow, Gülbahar Madreýimowa, Angelina Filippowa, Sabina Agajanowa we Leýla Kuliýewa hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy başardylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter