Türkmenistanyň Prezidentine Hindistan Respublikasynyň Prezidentinden | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidentine Hindistan Respublikasynyň Prezidentinden

опубликованно 22.02.2017 // 854 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Hindistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz bilen gutlaýaryn.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň mundan beýläk-de rowaçlanjakdygyna we gülläp ösjekdigine ynanýaryn. Hindistan Respublikasy ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegi we pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Pranab Mukerji,
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter