Türkmenistan sanly bilim ulgamyny we elektron bilimiň serişdelerini ösdürer | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan sanly bilim ulgamyny we elektron bilimiň serişdelerini ösdürer

опубликованно 24.02.2017 // 1056 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täzeden bellenen, bilim we ylym ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S. Toýlyýewe ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň maslahatynda milli ylym we bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri, alymlaryň ýaş neslini taýýarlamagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzady.

Döwlet Baştutanymyz şu wezipelerden ugur alyp, sanly bilim ulgamyny giňden ösdürmegiň zerurdygyny nygtamak bilen, bu babatda esasy wezipeleri kesgitledi.

Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek we başgalar) esasynda kämilleşdirmek zerur bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter