Halyçylyk kärhanalaryň hususylaşdyrylmagy pudagyň ösdürilmegine täze itergi berer | TDH
Ykdysadyýet

Halyçylyk kärhanalaryň hususylaşdyrylmagy pudagyň ösdürilmegine täze itergi berer

опубликованно 24.02.2017 // 869 - просмотров
 

Türkmen halyçylyk pudagynyň täze derejä çykmagy üçin has amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, pudakda hususylaşdyrmagy geçirmek zerurdyr. Bu baradaky pikiri şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet maslahatynda beýan etdi.

Gözbaşy asyrlara uzap gidýän halyçylyk sungatynyň goralyp saklanmaly we ösdürilmeli milli baýlygymyz bolup durýandygy nygtaldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýän çeper halyçylyk kärhanalaryny hem-de ilkinji gezek gaýtadan işlemäge, ýüňleri egirmäge we boýamaga ýöriteleşen düzümleýin bölümleriň uly toplumyny özünde jemleýär. 2016-njy ýylda “Türkmenhalynyň” kärhanalary tarapyndan haly we haly önümleriniň 43 müňden gowrak inedördül metri öndürildi.

Her ýylyň maýynda Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy bellenilýär. Baýramçylyga gabatlanylyp, pudaklaýyn Halkara sergi hem-de türkmen el halylaryna gadyr goýýanlaryň Bütindünýä assosiýasiýasynyň maslahaty geçirilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter