Döwlet we hökümet baştutanlary Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlaýarlar | TDH
Prezidentiň poçtasy

Döwlet we hökümet baştutanlary Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlaýarlar

опубликованно 25.02.2017 // 879 - просмотров
 

Siziň Alyhezretiňiz,

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek mümkinçiligine şatdyryn. Size belent döwlet wezipesinde mundan beýläk-de üstünlikler, türkmen halkyna bolsa yzygiderli ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň gaýtadan saýlanmagyňyz Türkmenistanyň halkynyň Size bolan çäksiz hormatynyň, şeýle hem ýurduň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen Siziň alyp barýan syýasatyňyzyň halk tarapyndan doly goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Siziň Alyhezretiňiz bilen berk dostluga hem-de özara hormat goýulmagyna esaslanýan iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary, şeýle hem biziň halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etdirmäge ýokary gyzyklanmany beýan etmek isleýärin.

Size çuňňur hormat goýmak bilen,

Mohammed VI,
Marokkonyň Patyşasy

***

Onuň Alyhezerti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha bermek bilen, bu gatnaşyklaryň özara bähbitleriň esasynda yzygiderli ösdüriljekdigien umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we üstünlikler, Siziň ajaýyp halkyňyza we ýurduňyza abadançylyk we ösüş arzuw edýärin.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Emiri

***

Onuň Alyhezerti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size ýokary hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalary kabul ediň.

Raul Kastro Rus,
Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň başlygy

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter