Täze sport žurnalynyň ilkinji sany çap edildi: “Aziada-2017” üns merkezinde | TDH
Sport

Täze sport žurnalynyň ilkinji sany çap edildi: “Aziada-2017” üns merkezinde

опубликованно 25.02.2017 // 1468 - просмотров
 

Ilkinji sany çap edilen täze žürnal “Türkmenistan. Sport” diýlip atlandyrylýar. Žurnalyň ilkinji sany Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna, sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde boljak uly sport wakasynyň guramaçylaryny, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, meýletinçileri hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň okyjylaryny birleşdirýän maglumatlar giňişligini döretmegiň zerurdygy baradaky görkezmesi žurnalyň esaslandyrylmagynyň baş şerti boldy.

Žurnalyň sahypalarynda dürli makalalaryň ýerleşdirilmegi okyjylar üçin özboluşly maglumat meýdançasyny döredýär, onuň üsti bilen
ähli taraplaryň hem-de hyzmatdaşlaryň garaýyşlaryny we habardarlygyny nazarda tutup, özara baýlaşdyrýan söhbetdeşligi alyp barmak mümkin bolar. Munuň özi Aziada-2017-ni beýan etmek hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň sport ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meseleleriniň çözgüdine has oýlanyşykly çemeleşmegi üpjün eder.

Žurnalyň ilkinji sanynda Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegine, şeýle hem ýokary netijeli sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça ýurdumyzda döwlet derejesinde kabul edilýän çärelere gönükdirilen taýýarlyk çärelerine bagyşlanan giňişleýin syn berilýär.

Täze neşir milli Liderimiziň sportuň ähmiýeti, onuň ruhlandyryjy hem-de özgerdiji güýji baradaky pähimleri bilen açylýar. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetinden gelip gowşan giriş makalasynda döwlet Baştutanymyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada anyk mysallar arkaly gürrüň berilýär. “Bitarap Türkmenistan sport giiňşliginde: parahatçylygyň, dostlugyň we belent ruhuň ilçisi” atly makalada hem Aziada-2017-niň ägirt uly maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary beýan edilýär hem-de Watanymyzyň halkara sport merkezine öwrülmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň orny açylyp görkezilýär.

Beýleki makalalarda 2016-njy ýylda türkmen sportuny ösdürmegiň möhüm wakalary, türgenlerimiziň daşary ýurtlarda geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri, biziň ýurdumyz üçin sportuň täze ugurlaryny, mysal üçin, golfy, ösdürmegiň meseleleri barada söhbet edilýär.

Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy meselelerine aýratyn üns berilýär, Aşgabatda guralan ýörite maslahatlar munuň täsiri gurallary boldy, oňa onlarça ýurtlaryň we iri halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlaryna, onuň resmi keşbine hem-de tumaryna, olaryň ähmiýetini we çeperçilik many-mazmunyna bagyşlanan makalalar toplumy çap edilýär.

Mundan başga-da žurnalda Aşgabadyň täze Halkara howa menzili barada gürrüň berilýär. Bu ýerde Aziadanyň köpsanly myhmanlary we oňa gatnaşyjylar ilkinji kabul ediler. Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda Olimpiýa şäherjiginiň desgalary hem-de olarda geçirilen synag ýaryşlary, meýletinçiler hereketi, media-forumlar, Oýunlaryň başlanmagyna 500 gün galanda badalga berlen we Aziada-2017-niň açylýan güni tamamlanjak atly ýöriş baradaky makalalar çap edilýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň görnüşleri barada aýratyn bölümde söhbet açylýar. Okyjylar şeýle hem Aziýa oýunlarynyň gysgaça taryhy bilen tanşyp bilerler.

Neşiriň sanynda atçylyga bagyşlanan ýörite bölüm berilýär, onda ýurdumyzda atçylyk sport ulgamynyň ösüşi, türkmen halkynyň buýsanjy—ahalteke bedewleri, şeýle hem dünýäniň iri at çapyşyklary baradaky makalalar jemlenendir.

Žurnalda “Bedenterbiýe we sagdyn durmuş ýörelgesi” atly umumy sözbaşy bilen makalalar toplumy çap edilýär, olarda hünärmenler we lukmanlar nähili ruhubelentlik derejäni, oňat beden taýýarlygyny hem-de uzak ýyllaryň dowamynda saglygy gorap saklamak barada maslahat berýärler.
Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Çaý—melhem hem ylham” atly kitaby barada makala esasy orun eýeleýär.

“Halkara we milli ýaryşlar” atly syndan soňra žurnalyň ilkinji sanynda futbol “şasy” Peläniň “Meniň durmuşym ýa-da ajaýyp oýun” atly kitabyndan bölek hem-de futbolyň kadalary barada soraglardan ybarat bäsleşik çap edilýär.

190 sahypadan ybarat galyň bezegli žurnal türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter