Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndy toparynyň Sapporoda gazanan üstünligi ony birinji diwiziona çykardy | TDH
Sport

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndy toparynyň Sapporoda gazanan üstünligi ony birinji diwiziona çykardy

опубликованно 26.02.2017 // 802 - просмотров
 

Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýaponiýada geçirilýän VIII Gyşky Aziýa oýunlarynda ikinji diwizionda ýeňiş gazzandylar. Şu gün final duşuşygynda olar Gyrgyzystanyň toparyny 7:3 hasabynda ynamly ýeňdiler. Bu ýeňiş türgenlerimize 2021-nji ýylda geçiriljek indiki Aziýa oýunlarynda birinji diwizionda ýaryşa gatnaşmaga mümkunçilik berýär.

Aşgabadyň dört toparyna (“Galkan”, “Şir”, “Oguzhan” we “Nesil”) wekilçilik edýän hokkeýçilerimiz ilkinji gezek yklym derejesinde şeýle wekilçilikli ýaryşda çykyş etdiler. Finala çenli ýolda olar Malaýziýanyň (9:2), Hytaý Makaosynyň (16:0) we Indoneziýanyň (12:2) ýygyndy toparlarynyň garşysyna bolan oýunlarda ynamly ýeňişleriň üçüsini gazandylar.

Indi Sapporodaky gyşky Aziadanyň ýeňijileri ýene-de bir jogapkärli ýaryşa, aprel aýynda Kuweýtde geçiriljek Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görer. Bu ýaryşda ýygyndy toparymyz birinji diwizionda çykyş eder. Bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmek türkmen hokkeýçileriniň ýokary diwiziona ýollanma almagyna mümkinçilik berer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter