BAE-de taekwondo we Gazagystanda bouling boýunça ýaryşlarda türkmen türgenleri baýrakly orunlara eýe boldular | TDH
Sport

BAE-de taekwondo we Gazagystanda bouling boýunça ýaryşlarda türkmen türgenleri baýrakly orunlara eýe boldular

опубликованно 26.02.2017 // 849 - просмотров
 

Taekwondonyň WTF görnüşi boýunça “Fujeýra-open” bäşinji halkara ýaryşy tamamlandy. Bu ýaryşda ildeşlerimiz medallaryň üçüsini – bir kümüş we iki bürünç medal gazanmagy başardylar.

Ýaryşa 15 ýurtdan 500-e golaý türgen gatnaşdy. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Mekan Gurbanow kümüş medaly eýelemegi başardy. Batyr Çaryýew bilen Jelaletdin Batyrow (ikisem 68 kilograma çenli agram derejesinde) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardylar.

Şol bir wagtyň özünde Almatyda biziň türgenlerimiz bouling boýunça “Almaty Kap-2017” halkara ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşikde ildeşlerimiz 206 utuk toplap, diňe Gazagystanyň (219) we Özbegistanyň ýygyndylaryndan yza galdylar. Türkmen boulingçileri bu ýaryşda russiýaly (203) we ukrainaly (201) türgenlerden ozmagy başardylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter