Türkmenistanyň Prezidenti ministrleri we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti ministrleri we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi

опубликованно 27.02.2017 // 3152 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlar toplumyna gol çekip, dürli pudaklardaky düzüm ýolbaşçylaryny tassyklady.

Bazarow Batyr Aganazarowiç ykdysadyýet we ösüş ministri wezipesine bellenildi;

Muhammedow Muhammetguly Atamuhammedowiç maliýe ministri;

Akmämmedow Seýitmämmet zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy;

Annadurdyýew Merdan Öwezowiç Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy;

Gündogdyýew Saparberdi Ataýewiç Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy;

Durdymyradow Kerim Hajyýewiç “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň başlygy;

Öräýewa Aýna Nurmämmedowna Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy;

Hajyýew Meýlisgeldi Çarygeldiýewiç “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy;

Arabow Myrat Sapardurdyýewiç “Halkbank” döwlet täjirçsilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy;

Öwezow Baýramgeldi Orazgeldiýewiç aragatnaşyk ministri wezipesine;

Aýdogdyýew Maksat Toturbabaýewiç awtomobil ulaglary ministry wezipesine;

Bäşimow Derýaguly Mäminowiç demir ýol ulaglary ministry wezipesine;

Saburow Döwran Reýimbaýewiç “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy;

Gurdow Amanmyrat Tagandurdyýewiç Deňiz we deýar ulaglary döwlet gullugynyň başlygy;

Garlyýew Nurmämmet Allaberdiýewiç Telewideniýe, radogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy;

Orazmyradow Döwran Rahymberdiýewiç Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri;

Işanow Amandurdy Bekdurdyýewiç Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy;

Sapardurdyýew Nursähet Türkmenistanyň oba we suw hojalygy ministri;

Annabaýew Mergen Amandurdyýewiç Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy;

Annanepesow Maksat Kowusowiç Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy;

Annaýew Ýazgeldi Ataýewiç “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory;

Ataýew Çary Durdygylyjowiç gurluşyk we binagärlik ministri;

Purçekow Çarymyrat Hywaliýewiç energetika ministri;

Abilow Myratniýaz Ýazmuhammedowiç jemagat hojalygy ministry;

Öwezow Alym Annaorazowiç “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy wezipelerine bellenildiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter